Ykjam taýýarlyk bilen

24 Awgust 2024
137

Şu günler ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününe ykjam taýýarlyk görülýär. Onuň çäklerinde welaýatlarymyzda, paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde mekdep bazarlary hereket edip, halkymyza ýokary hilli harytlary hem-de hyzmatlary hödürleýärler. 19 — 22-nji awgust aralygynda paýtagtymyzda ilkinji gezek geçirilen «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy hem çagalaryň dynç alyş günlerini şatlyk-şowhuna besläp, täze okuw ýylyna özboluşly taýýarlykly barmaklarynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Sergä gatnaşan döwlet we hususy düzümleriň, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri okuwçylary we olaryň ene-atalaryny mekdep harytlarynyň täze görnüşleri bilen tanyşdyrdylar. Forumyň dowamynda guralan kitap okamak bäsleşikleri, tälim berijilik okuw sapaklary ýaşlaryň zehin-ukybyny ýüze çykarmaga, täze bilimlere höwesini artdyrmaga ýardam etdi.

Täze okuw ýylynyň bosagasynda mugallymlardyr terbiýeçileriň hünär taýýarlygyna hem uly ähmiýet berilýär. Umumybilim berýän orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçirilen awgust maslahatlarynda hormatly Prezidentimiziň bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini berjaý etmegiň ugurlary, täze okuw ýylynda meýilleşdirilýän işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mugallymlaryň we terbiýeçileriň hünär taýýarlygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegine aýratyn üns çekildi.

Amandurdy SAPAROW,
Aşgabat şäherindäki 14-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.
Beýleki habarlar