Ýaş meýletinçiler — täze başlangyçlar

23 Awgust 2024
177

Täze taryhy zamanamyzda giň gözýetimli, uly durmuş mümkinçilikli, oňyn dünýägaraýyşly, düýpgöter täzeçe hem-de özara kabul ederlikli ýörelgeleri öňe sürmäge ukyply ýaşlara aýratyn orun berilýär. Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary halkara guramalar, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikdäki taslamalara, forumlara işjeň gatnaşýarlar. Türkmen wekiliýetiniň 12 — 16-njy awgust aralygynda Gyrgyzystanyň Çuý sebitinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň Halkara meýletinçilik mekdebiniň okuw maslahatyna gatnaşmagy munuň aýdyň beýanydyr.

Hormatly Prezidentimiz: «Häzirki wagtda ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi günsaýyn artyp, olar belent sepgitleri nazarlaýarlar. Biz ýurdumyzyň ýaşlar birleşikleri bilen beýleki döwletleriň hem-de halkara Ýaşlar guramalarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýäris» diýmek bilen, ýaşlaryň jemgyýetdäki ornuna, jogapkärçiligine we adamzadyň olara bildirýän ynamyna aýratyn ähmiýet berýär. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň», «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylmagy ýaşlara bildirilýän uly ynamyň netijesidir. Şoňa görä-de, Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň meýletinçilik boýunça okuw maslahaty halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň barha ilerledilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hünärmenleri hem okuw maslahatyna gatnaşdylar.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar