Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin

23 Awgust 2024
175

Türkmenistanda ilkinji gezek çagalara bagyşlanan halkara sergi-ýarmarka geçirildi

Çagajyklaryň şadyýan gülküleri dünýäniň iň uly gymmatlygyna deňelýär. Ine, şeýle ýörelgä eýerilýän ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda körpe nesil hakynda döwlet derejesinde bimöçber uly aladalar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýaşajyk ildeşlerimize dürli goldaw-kömekler berilýär. Şu ýylyň 19 — 22-nji awgustynda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy hem şeýle asylly işleriň özboluşly dowamyna öwrülip, çagalara ýatdan çykmajak şatlykly duýgulary bagyşlady.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».
Beýleki habarlar