Tomsuň ýatdan çykmajak güni

23 Awgust 2024
188

Azymgeldi ŞYHOW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby, «Paýhas» bilim merkeziniň hünärmeni:

— «Kids Ekspo» halkara sergi-ýarmarkasy ýurdumyzdaky bilim we dil merkezleriniň işleri bilen tanyşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. «Paýhas» bilim merkezinde 6 ýaşdan ýokary ähli raýatlarymyz mental arifmetika, matematika, fransuz, nemes, iňlis, rus dilleri, programmirleme, grafiki we 3D dizaýn boýunça ussat hünärmenlerden sapak alýarlar. Bilim merkezimiziň işi — gyşky, ýazky, tomusky we güýzki tapgyrlara bölünip, her tapgyr 12 hepde dowam edýär. Mundan başga-da, «Paýhas» bilim merkezi sergileri, iýmit şüweleňlerini, sportuň dürli görnüşleri we kitap okamak boýunça bäsleşikleri hem geçirip durýar. Bilim ulgamyny kämilleşdirmekde döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bimöçber alkyşlarymyzy aýdýarys.

Taýýarlan Muhammetnur MAHTUMOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Nesil».
Beýleki habarlar