Erjel hem tutanýerli ýaş himiýaçy

22 Awgust 2024
97

Türkmenistanyň örän amatly geosyýasy we geoykdysady ýagdaýa, örän köp mukdardaky uglewodorod serişdelerine we beýleki ýerasty baýlyklaryna, üstaşyr geçirmek babatda uly ulag mümkinçiliklerine eýedigi aýdyň hakykatdyr. Bagtyýarlyk gadamlary bilen barha rowaçlyga beslenýän eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşlerinde himiýa pudagyna-da uly orun degişlidir. Bu gün hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen pudakda uly ösüşler gazanylýar. Geçmişe ser salsak, himiýa senagatynyň öz gözbaşyny birnäçe asyr mundan ozalky döwürlerden alyp gaýdýandygyny we geçen asyrda has kämilleşip, biziň döwrümizde güýçli depginler bilen ösýän häzirki zaman senagat pudagydygyny görýäris. Düýpli ylmyň we himiki tehnologiýalaryň okgunly ösmegi bu pudak üçin-de häzirki zaman ösüşiniň giň ýollaryny açýar.

Gaýtadan işleýän senagatyň beýleki ulgam dörediş pudaklarynda bolşy ýaly, himiýa senagatyna hem milli ykdysadyýeti çig mala esaslanmaýan ösüş ýoluna geçirmek boýunça meseleleriň çözgüdini tapmakda, täze pudaklaryň kemala gelmeginde, dürli görnüşli hem-de bäsdeşlige ukyply daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, içeriki bazaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin hem-de daşarky bazarlarda giň islege eýe bolan eksporta ugrukdyrylan önümleriň möçberleriniň artdyrylmagynda uly orun degişlidir. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan gazylyp alynýan peýdaly ýerasty baýlyklaryň uly gorlaryna eýedir. Bu bolsa himiýa senagaty üçin ýokary amatlykly şertleri döredýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin möhüm ähmiýeti bolan mineral  dökünlerini öndürmekde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenabadyň himiýa zawodyna uly orun degişlidir. Bu zawodda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda alnyp barylýan işler, olaryň netijesi göwnüňi dokundyrýar. Indi ýarym asyr gowrak wagt bäri işläp gelýän zawodda esasy maksat häzirki zaman islegleri kanagatlandyrýan önümçiligi ýola goýmakdyr.

Jangeldi IŞANKULYÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar