Türkmen ýaşlary “Algoritm” okuw merkezinde IT hünärlerini öwrenýärler

23 Awgust 2024
125

“Pähim-paýhas ummany-Magtumguly Pyragy” ýylynda beýik sepgitlere ýetýän Watanymyzda ylym-bilim günsaýyn gülläp ösýär. Elbetde, bu ösüşleriň sakasynda Hormatly Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň diýseň uly tagallalary bar. Sebäbi biziň Watanymyzda ýaş nesil baradaky alada mydama döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Bu ösüşlere Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň “Algoritm” okuw merkezi hem öz uly goşandyny goşýär. “Algoritm” okuw merkezinde ýaşlara diňe bir kämil bilim bermek bilen çäklenilmän, eýsem, dürli önümçilik ugurlary üçin ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Beýleki habarlar