Aşgabatdaky köpöwüşginli sergi-ýarmarka

23 Awgust 2024
158

üstünlikli tamamlandy

Düýn «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň jemleýji gününde göz öňünde tutulan çäreler hem ruhubelentlige beslendi. Körpeleriň, olaryň ene-atalarynyň gatnaşmagynda aýdym-saz we tans şüweleňleri, 6 — 9, 9 — 12 aýlyk çagalaryň arasynda emedekleme ýaryşy, Türkmenistanyň Taekwondo federasiýasynyň toparynyň görkezme, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahnalaşdyrylan çykyşlary, kitap okamak, basketbol toruna topy oklap salmak, kiberoýunlar boýunça bäsleşikler guralyp, bu ýere gelenlere ýatdan çykmajak duýgulary bagyşlady.

Gurbanmämmet SEÝITDÄÝEW.
“Türkmenistan”. Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
Beýleki habarlar