Asylly käre buýsanç

23 Awgust 2024
159

Mugallymçylyk — dünýädäki iň asylly hünärleriň biri. Indi kyrk ýyl bäri mugallymçylyk edýärin welin, şonda-da her ýyl «Ilkinji jaň» dabarasynyň öňüsyrasynda tolgunýaryn. Sebäbi bu dabara öňümizde jogapkärli möwsümiň — täze okuw ýylynyň başlanýandygynyň buşlukçysy. Bu jaň sesi mundan kyrk ýyl öň ilkinji sapar çaga okatmak üçin synpa girenimdäki tolgunmamy ýada salýar.

Häzir Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebinde mugallym bolup işleýärin. Biziň mekdebimizde okap, hünär edinen ýaşlar Mary we Lebap welaýatlarynyň orta mekdeplerinde başlangyç synp mugallymy ýa-da mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim işgäri we terbiýeçi bolup işleýärler. Şundanam görnüşi ýaly, kärimiz ýurdumyzyň ösüp gelýän körpe nesline döwrebap terbiýe we başlangyç bilim bermek bilen gönüden-göni bagly.

Güljennet ANNAMEREDOWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar