Ertekä çalymdaş günler (Hekaýa)

22 Awgust 2024
146

Şeýle bir dilewar kişiler bolýar, olaryň adaty bir wakany-da edil gyzykly eser ýaly edip gürrüň berşine haýran galyp oturmalydyr. Her birimiziň çagalyk günlerimiz baradaky ýatlamalarymyzyň içi-de şolar ýaly adamlaryň gyzykly gürrüňlerinden doludyr. Özüm-ä çagalygymy ýada salsam, gözümiň öňünde enemiň gürrüň berýän ertekilerindäki, rowaýatlaryndaky döw, jyn ýaly gahrymanlar hakydama gelýär.

Enemiň gürrüň berýän ertekileriniň, rowaýatlarynyň ýa-da beýleki wakalarynyň özboluşly tarapy, olaryň biri beýlekisine meňzemezdi. Şol bir ertekini birnäçe gün geçip, täzeden gürrüň beräýsin, içiniň wakalary üýtgeşiklikden doludyr. Indi-indi pikirlenip otursam, şol döwürler onuň huşy ejizläp ýören bolmaly. Ýöne ýyllaryň dowamynda kemala gelen, ussatlyk derejesine çykan dilewarlygy oňa bu syryny gizlinlikde saklamaga mümkinçilik bererdi.

Ogulmaral Berdiýewa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar