Mekdep bazaryndan mekdebe

22 Awgust 2024
118

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde mekdep bazarlarynyň gyzgalaňly wagty. Bu söwda nokatlary öz alyjylarynyň isleglerini doly kanagatlandyrýar we geljegimiz bolan ýaş nesle, mekdep okuwçylaryna gerek bolan, ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilen okuw esbaplarynyň dürli görnüşlerini elýeter bahadan ilata hödürleýärler.

Şeýle mekdep bazarlary sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde hem 1-nji awgustdan bäri halka hyzmat edip gelýär. Bu bolsa raýatlarymyzyň ösen isleglerini kanagatlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Mekdep bazarlarynda okuwçylara niýetlenip ýörite tikilen egin-eşiklerden başlap, ähli okuw dersleri üçin niýetlenen harytlaryň dürli görnüşlerini bu ýerden tapmak mümkin. Özem ýurdumyzda öndürilen harytlar.

Dünýägözel GELDIMYRADOWA,
Arkadag şäherindäki 10-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar