Şowhunly pursatlara beslenýän özboluşly baýramçylyk

22 Awgust 2024
141

Düýn her pursady şowhunly we gyzgalaňly geçýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň üçünji güni dowam etdi. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda guralýan bu gözden geçiriliş aýratyn mazmuna eýe bolup, oňa paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary işjeň gatnaşýarlar we öz perzentleri bilen wagtyny şatlykly geçirýärler. Nobatdaky günüň meýilnamasyna laýyklykda, «Ynamdar» onlaýn marketiniň guramagynda 9 aýlykdan 12 aýlyga çenli çagalaryň emedeklemek boýunça ýaryşy, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirligi tarapyndan çagalaryň kitap okamak bäsleşigi, «Rishat» agentliginiň, «Harman consulting» kompaniýasynyň ussatlyk sapaklarydyr şüweleňleri bu ýere gelenlere ýakymly duýgulary bagyşlady.

Diýarymyzda döredilen sagdyn, abadan durmuş gurşawy çagalaryň beden we ruhy taýdan kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine, olaryň ukyp-başarnyklaryny, köptaraply zehinini ýüze çykarmaga şert döredýär. Ak mermerli paýtagtymyzda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo» sergi-ýarmarkasy hem çagalar hakyndaky aladalaryň ýene-de bir aýdyň güwäsidir. Forumyň üçünji gününde «Ynamdar» onlaýn marketiniň guramagynda geçirilen çagalaryň emedeklemek boýunça ýaryşy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Baýramberdi GELDIMYRADOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
Beýleki habarlar