Sergä gatnaşyjylara söz berýäris:

21 Awgust 2024
107

Muhammet Harun SAYEDI,
Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň söwda attaşesi:

— Gözel şäher Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy birnäçe döwletlerden çagalar üçin haryt öndüriji kompaniýalaryň ählisini bir ýere jemledi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň taýsyz tagallalary bilen körpejeler üçin ýurtda uly işler alnyp barylýar. Bu sergi-ýarmarkasy hem beýik maksatly amala aşyrylýan işleriň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy. Türkmen ýaşlaryna dünýäniň iň bagtly çagalary diýip bileris, sebäbi olaryň ähli amatlyklary bolan ak mekdeplerde döwrebap bilim almaklary, sapaly dynç almaklary üçin hemme şertler döredilen. Şu gezekki halkara forumyň dowamynda bize körpeler we ýetginjekler üçin niýetlenen ýokary hilli türkmen we daşary ýurt önümleri bilen ýakyndan tanyşmaga uly mümkinçilik boldy. Pursatdan peýdalanyp, ähli türkmen halkyny, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ýurtda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Taýýarlan Maýagözel GOŞAÝEWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar