Bilim — adamzadyň bezegi

21 Awgust 2024
104

Täze 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Bu şanly güne çagalar baglaryna gatnaýan körpejelerden başlap, okuwçylardyr talyplar, ylym-bilim edaralarynyň işgärleri, mugallymlardyr terbiýeçiler, ata-eneler sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilimiň ösüşleri babatda aýdan çuň manyly jümleleri her bir bilim işgäri üçin ýol görkezijidir: «Ylym hem-de bilim adamzadyň bezegidir. Ähli döwürlerde beýik işler, beýik özgerişler ylmyň we bilimiň güýji bilen amala aşyrylypdyr. Ylma, döredijilige, zehine üns berilýän ýurt elmydama ösüşde, özgerişde, galkynyşda bolupdyr». Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň pähim-parasatynyň, taýsyz tagallalarynyň netijesinde berkarar Diýarymyz ylymlar we bilimler mekanydyr. Paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň özboluşly binagärliginde, giň gerimli özgertmelerinde berkarar Diýarymyzyň durmuş-ykdysady, ylym-bilim taýdan beýik ösüşleri, ýokary ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi aýdyň duýulýar.

Geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzda ençeme täze döwrebap çagalar baglary, orta we ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalar guruldy, öňden bar bolanlary döwrebaplaşdyryldy, kämil tehniki enjamlar, kompýuterler we kitaplardyr gollanmalar bilen üpjün edildi. Şu günler bolsa ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdepleri, çagalar baglary täzeden abadanlaşdyrylyp, täze okuw ýylyna doly taýýar edildi. Owadan hem ýagty, doly enjamlaşdyrylan synp otaglary okuwçylardyr körpelere garaşýar.

Mämmetgeldi SEÝIDOW,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň Büzmeýin etrap bilim bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar