Arzyly güne arzuwlar bilen

21 Awgust 2024
99

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2024 — 2025-nji okuw ýyly hem barha golaýlaýar. Sapaly tomus paslynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dynç alýan çagalar bosagada duran täze okuw ýylyna uly hyjuw bilen başlamagy maksat edinýärler.

Täze okuw möwsüminiň golaýlamagy bilen ähli bazarlarda, söwda merkezlerinde adamlaryň hereketi köpelip, bazaryň şowhuny has-da artýar. Okuw esbaplary satylýan dükanlardyr göçme bazarlaryň töweregi hemişe köp adamly. Ýurdumyzyň ähli welaýatlary bilen bir hatarda, gözel paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde hem mekdep bazarlary hepdäniň ähli günlerinde halkymyza döwrebap hyzmat edýär. Biz hem golaýda «Globus» mekdep we ofis harytlary satylýan dükanda bolup, ol ýerde häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada ýakyndan tanyş bolduk.

Bägül BEGENJOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar