Käselere dil bitiren sazanda

21 Awgust 2024
151

Ol wagtlar biz Ýolöten şäherindäki 1-nji orta mekdebiň IX synpynda okaýardyk. Biziň mekdebimiz bilen etrap sazçylyk mekdebi howlynyň içinde bir ýerde ýerleşýärdi. Şol döwürde Bally atly ýaş ýigit Türkmengala etrabyndan “Ýawa” kysymly motosikleti bilen gatnap, çagalara aýdym-saz ugrundan sapak berýärdi. Wagtyň geçmegi bilen dürli saz gurallarynda saz çalyp, aýdyma hiňlenip ýören ýigit bilen tanyşdyk. Görüp otursak, ol käselerde saz çalyp, meşhurlyk gazanan kompozitor Bally Rejebow bolup çykdy.

Bally Rejebow Türkmengala etrabynyň häzirki Serdarýap geňeşliginiň Rahat obasynda önüp-ösen, tüýs sähraýy ýigit diýdirýän oba oglanydy. Ol şu obada ýerleşýän 4-nji orta mekdepde okap, bilim aldy. Bu mekdepde aýdym-saz, tans gurnagy işleýärdi. Bally hem dokuz-on ýaşlaryndan şol gurnaga gatnap, sazyň ilkinji notalaryny, tans etmegiň ilkinji hereketlerini öwrendi. Gurnak ýolbaşçysy çepiksije oglanda aýdym-sazdan tebigy üşügiň bardygyny duýup, Bally bilen goşmaça işlemäge wagtyny gysganmady. Dutar, gyjak, baýan, akkordeon, deprek, üflenip çalynýan saz gurallary ýetginjegiň gündelik oýnagy boldy. Mekdepdäki çeper höwesjeňler toparynyň hatarynda pagtaçylaryň, maldarlaryň öňünde çykyş edip, aýdylyşy ýaly, onuň kem-kemden “ýüzi açyldy” gidiberdi.

Beýleki habarlar