Ýaşlar döwrüň belentliginde

21 Awgust 2024
160

Ýurdumyzda ýaş nesliň dünýä ülňülerine laýyk derejede ylymly-bilimli, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine ygrarly, medeni-ahlak taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak ýaşlar syýasatynyň özenini düzýär. Şeýle-de ýaşlaryň döredijilik we jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak, giň gözýetimli we başarnykly, watançy şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmek ugrundaky aladalar biri-biriniň üstüni ýetirýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi bolsa ýaşlar syýasatynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde uly ähmiýetli boldy. Geçen ýyl Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly halkara forumyň geçirilmegi ýaşlar syýasatynyň halkara derejesinde dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Üstümizdäki ýylda bolsa ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän hünärmenleriň, mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň uly topary doganlyk Özbegistan Respublikasynda geçirilen Bütindünýä Ýaşlar forumyna gatnaşdy.

Dünýäniň 100-den gowrak döwletinden wekilleriň gatnaşmaklarynda geçirilen bu halkara foruma biziň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutymyzyň ýaş mugallymlary hem gatnaşdylar. Olar öz ugurlary boýunça ylmy-amaly maslahatlara, özara pikir alyşmalara gatnaşdylar, dürli bäsleşiklerde çykyş edip, Watanymyza mynasyp wekilçilik etdiler. Özbegistanyň birnäçe şäherinde öz işini alyp baran forumyň çäklerinde edilen çykyşlarda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Amul, Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly ýurdumyzyň gadymy şäherleriniň orta asyr Gündogarynyň ylym, bilim we medeniýet ojaklary bolandygy nygtaldy. Bular dogrusynda foruma gatnaşyjylara gyzykly, taryhy we ylmy maglumatlar berildi.

Eziz ARTYKOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar