Pugta ynamyň eýeleri biz

21 Awgust 2024
306

Gahryman Arkadagymyz ýaşlar baradaky aladany döwlet durmuşynyň iň möhüm wezipesi hökmünde ileri tutýar. Bu parasatly ýörelgäni peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz has-da ösdürmek bilen, täze belentliklere göterdi. Munuň şeýledigi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine işe girişen ilkinji günlerinde taryhy hakykat hökmünde örboýuna galdy. Çünki bu günki ýaşlaryň ertirki ýurt eýeleridigi, olaryň döwletimiziň ady bilen dünýä çykjak nesillerdigi, ýurdumyzyň abraý-mertebesi bilen beýgeljek raýatlardygy baradaky taryhy hakykaty hormatly Prezidentimiz bir pursatlyk hem üns merkezinden düşürmeýär. Hut şeýle bolansoň Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlar meselesini öz alyp barýan ýörelgeleriniň iň naýbaşylarynyň hatarynda öňe sürýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek bilen bagly anyk wezipeleri kesgitledi. Hut geçen ýyl «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem, öňden hereket edip gelýän kanunçylyk namalaryna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň girizilmegi hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ýaşlarynyň gujur-gaýratyna, ylym-bilim başarnygyna, edep-ekramyna we ösen watançylyk duýgularyna bolan pugta ynamyndan anyk nyşandyr.

Mähriban ÇARYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar