Sazlaşykly ösüşiň berk binýady

21 Awgust 2024
114

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr. Şu hakykatdan ugur alnyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryndan badalga alan giň gerimli bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünliklere eýe bolýar. Welaýatymyzyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň maslahatynyň çuňňur mazmunynda hem şeýle buýsançly hakykat mynasyp beýanyny tapdy.

Balkanabat şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar astynda geçen maslahata welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden gelen bilim işgärleri gatnaşyp, olar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Sergi ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde ulgamyň gazanýan üstünlikleriniň özboluşly beýanyna öwrüldi.

Nurmämmet HYDYROW,
«Balkan».
Beýleki habarlar