Gadamy batly tikinçiler

21 Awgust 2024
113

Magtymguly etrabyndaky Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky tikin we aýakgap döwlet kärhanasy Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolup durýar. Kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhananyň zähmetsöýer işgärleri şu ýylyň geçen döwründe 8 million 438 müň manatlyga golaý tikin önümlerini öndürdiler. Önümçiligiň ösüş depgini 122 göterime barabar boldy. Aýakgap bölüminde 21 müň 300 jübütden gowrak aýakgap öndürildi. Onuň pul hasabyndaky möçberi 8 million 91 müň manatlyga golaý boldy.

Kärhananyň agzybir işgärleriniň özleriniň öndürijilikli işlemekleri üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşlary egsilmeýär.

Aýzada MUHAMMEDOWA,
«Balkan».
Beýleki habarlar