Zähmetimizi, yhlasymyzy gaýgyrmarys

21 Awgust 2024
122

Röwşen geljegimiz bolan ýaş nesle milli ýörelgelerimiz esasynda döwrebap bilim-terbiýe berilýär. Munuň üçin ýurdumyzda ähli şert-mümkinçilikler bar. Bagtyýar ýaş nesillerimiz iň häzirki zaman ülňülerinde gurlan, täze tehnologiýalar, multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen bilim ojaklarynda okaýarlar. Geçen ýyllaryň dowamynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ösdürmek maksady bilen, taryhy ähmiýetli resminamalaryň birnäçesi kabul edildi. Okuwçylaryň oňat okamaklary we mugallymlaryň netijeli işlemekleri üçin zerur bolan hemme şertler döredildi.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen her ýylda 1-nji synpa okuwa barýan körpelere kompýuterleriň sowgat berilmegi hem aýdanlarymyzy ýene bir ýola tassyklaýan hakykatdyr. Ýene-de sanlyja günden täze okuw ýyly başlanar. Mugallymlaram, okuwçylaram täze okuw ýylyna täze güýç, täze hyjuw bilen gadam basarlar.

Sülgün ANNAÝEWA,
Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherindäki 20-nji orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar