Täze okuw ýylyna taýýarlanýarys

21 Awgust 2024
136

Bilimler we talyp ýaşlar gününiň bosagasynda Ak bugdaý etrap bilim bölüminiň garamagyna ýaş hünärmenleriň 174-si, şol sanda ýokary okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlaryň 136-sy, ýörite orta hünär okuw mekdeplerini tamamlanlaryň 38-si işe geldi. Ýaş hünärmenler bilen duşuşylyp, zähmet ýoluna gadam basjak mekdepleridir çagalar baglary bilen tanyşdyryldy hem-de halypa pedagoglara berkidildi. Ýaş hünärmenler täze 2024-2025-nji okuw ýylyndan ýaş nesle bilim-terbiýe berip, kämil bilimli ýaşlaryň kemala gelmegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşarlar.

Täze okuw ýylynda etrabymyzyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunly döwrebap orta mekdebiň we umumy ýaşaýyş jaýynyň açylyp, ulanylmaga beriljekdigi has-da guwançlydyr. Etrabymyzdaky bilim ojaklarynyň üstüni ýetirjek täze, döwrebap umumybilim berýän mekdebiň açylyş dabarasyna häzirki günlerden ýokary derejede taýýarlyik görülýär. Bu ýerde ýaş hünärmenleriň hem birnäçesi zähmet çekmek bagtyna eýe bolar.

Tawus SUHANOWA,
Ak bugdaý etrap bilim bölüminiň hünärmeni, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar