Okuw-usuly maslahatlaryň ähmiýeti

20 Awgust 2024
324

Ýurdumyz boýunça umumybilim berýän orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň awgust maslahatlary ýokary guramaçylykly geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar bilen guralan awgust maslahatlary Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ähli welaýat merkezlerinde hem işjeň ýagdaýa eýe boldy. Onda geçen okuw ýylynda gazanylan üstünlikler, täze okuw ýyly üçin öňde goýlan wezipeler dogrusynda giňişleýin maslahat edildi. Şeýle hem awgust maslahatlarynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeler hakynda söhbet edildi.

Arkadag şäheriniň öňdebaryjy bilim işgärleriniň arasynda awgust maslahaty geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar bilen geçirilen bu maslahatda çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda geçen okuw ýyly boýunça gazanylan üstünlikler, täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil üçin edýän aladalaryna, taýsyz tagallalaryna çäksiz hoşallyk bildirildi.

Beýleki habarlar