Ýokary depgin bilen

20 Awgust 2024
123

Pagta süýümini gaýtadan işläp, ondan ýokary hilli nah ýüplükleri öndürmekde ýurdumyzyň beýleki dokma kärhanalary bilen bir hatarda Seýdiniň pagta egriji fabriginde-de işler ýokary depginde alnyp barylýar. Bu kuwwatly kärhanada ýokary hilli nah ýüplükleriň 20-lik, 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleri öndürilip, sarp edijilere ugradylýar.

Önümçiligine Germaniýa, Italiýa, Şweýsariýa we Türkiýe ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli dokma enjamlary ornaşdyrylan fabrikde şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda 34 million 313 müň manatlyk önüm öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 107,8 göterim ösüş depgininiň gazanylandygyny görkezýär. Şeýle-de degişli döwürde taýýar önümleriň 31 million manatlykdan gowragy ýerlenildi.

Beýleki habarlar