Dilleri alkyşly bagtyýar nesiller

20 Awgust 2024
116

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin ýurdumyzda ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Diýarymyzyň çar künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze çagalar baglary, orta mekdepler yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Milli bilim ulgamynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde hem ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sanly tehnologiýalardan, multimediýa enjamlaryndan ezberlik bilen baş çykarýan, dünýä dillerini höwes bilen öwrenýän ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelýändigi guwandyryjydyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň häzirki günlerinde hem täze okuw ýylyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Etrap-şäherlerde mekdep bazarlary hereket edip, olardan okuwçylardyr olaryň ene-atalary gerekli okuw esbaplaryny, lybaslary satyn alýarlar. Tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly hem şadyýan geçiren bagtyýar nesillerimiz özleri barada uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Ogulmaýa Durdymämmedowa,
Gyzylarbat etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar