Stambulda Türkiýe Respublikasynyň Halkara awtomobil gatnawlary assosasiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

20 Awgust 2024
125

2024-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly M.Öwezow Türkiýe Respublikasynyň Halkara awtomobil gatnawlary assosasiýasynyň (UND) ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Şeýle hem duşuşyga Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň wekilleri hem gatnaşdy.

Duşuşykda taraplar ulag we logistikany ösdürmek üçin täze innowasion çemeleşmeleri we sanly çözgütleri, tehnologiýalary ulanmak üçin täze mümkinçilikleri kesgitlemek, durnuklylygyny üpjün etmek, ulag infrastrukturasynyň hyzmatyny ösdürmek üçin ulag pudagynda halkara goldawyny giňeltmek we Türkmenistan bilen UND-iň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmekligi ara alyp maslahatlaşdylar.

Beýleki habarlar