Türkmenistan Ählumumy Günortanyň ýurtlary bilen ulag we energetika gatnaşyklarynyň giňeldilmegini maksat edinýär

20 Awgust 2024
110

“Ählumumy Günortanyň sesi” atly Üçünji sammitiniň ministrleriniň duşuşygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ählumumy Günortanyň ýurtlary bilen ulag we energetika pudaklary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek maksat edinýär. Hindistan Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan gurnalan bu çäre 17-nji awgust, şenbe güni onlaýn görnüşinde geçirildi.

Ahmet Gurbanow bitaraplyk we parahatçylykly ýaşaýyş ýörelgelerine esaslanýan işjeň hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň garaýşyny tassyklady.

Beýleki habarlar