«Gara altynyň» goşmaça tonnalary

20 Awgust 2024
106

Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de täze belentliklere götermekde, uglewodorod çig mallarynyň möçberini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri netijeli işleri amala aşyrýarlar.

Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu trestiň düzümindäki «Goturdepe», «Barsagelmez» we «Gamyşlyja» ýaly müdirlikler boýunça şu ýylyň başyndan bäri goşmaça alnan «gara altynyň» möçberi 107 müň tonna golaýlady. Bu görkeziji geçen ýedi aý üçin bellenilen meýilnamanyň 27 müň 715 tonna artygy bilen berjaý edilendiginden habar berýär. Trestiň «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleriniň gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça nebit çig malyny almak baradaky meýilnamalaryny üç esseden hem artyk berjaý edendiklerini aýratyn nygtamak gerek.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar