Döwlet gümrük gullugy boýunça halkara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär

19 Awgust 2024
126

Ýurdumyzda Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hem-de Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gümrük işlerinde halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn orun berilýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen ençeme döwletleriň gümrük edaralarynyň, halkara guramalarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklar barha ýokarlanýar. Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Gümrük komitetiniň arasynda yzygiderli amala aşyrylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklary mysal getirip bileris.

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti tarapyndan gümrük taýdan resmileşdirmegiň merkezini döretmekde tejribesini öwrenmek we serhetýaka gümrük nokatlarynyň işi bilen tanyşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine gulluk iş saparyny amala aşyrdy.

Didar JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.
Beýleki habarlar