Ylymly ýaşlar geljegi gurýar

19 Awgust 2024
187

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesinde “Ylymly ýaşlar geljegi gurýar” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan duşuşyga Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň işgärleri hem-de işjeň agzalary gatnaşdy.

Duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy ugrunda edilýän tagallalar we döredilýän giň şertler dogrusynda gürrüň edildi. Onuň barşynda halkymyzyň asyllylyk, edep-ekramlylyk, myhmansöýerlik, dostanalyk, agzybirlik ýaly asylly ýörelgeleri, ýaşlary bezeýän gylyk-häsiýetler, maşgala mukaddesligi barada aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Bahar ÄRNEPESOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň işgäri.
Beýleki habarlar