Bilim işgärleriniň etrap maslahaty işjeňlige eýe boldy

19 Awgust 2024
159

Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebinde etrabyň bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçirildi. Oňa etrabyň öňdebaryjy bilim işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Bilim işgärleriniň etrap maslahatyna gatnaşyjylar, ilki bilen, öňdebaryjy bilim işgärleriniň sergisi bilen tanyşdylar. Täzeçillige ýugrulan işleriň, görkezme esbaplaryň sergisi uly täsirleri galdyrdy. Soňra “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda öz işine başlanan maslahatyň işine bilim işgärleri işjeň gatnaşdylar. Onda geçen okuw ýylynda gazanylan üstünlikler barada durlup geçildi, 2024-2025-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipelere aýratyn üns çekildi.

Oguljennet ALLAMYRADOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar