DÜNÝÄ WE MAGTYMGULY

19 Awgust 2024
150

Özbegistanda

Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy giňden dabaralandyrylýan Magtymguly Pyragynyň taglymaty, geljege bolan garaýyşlary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Şonuň üçin onuň şahyrana mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy. Magtymguly diňe bir türkmeniň däl, ähli türki halklaryň, şol sanda özbek halkynyň hem iň söýgüli şahyrlarynyň biridir. Şonuň bilen birlikde, Özbegistan dünýäde Magtymgulynyň eserleri iň köp çap edilýän we okalýan ýurtlaryň biri hökmünde ykrar edilýär. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň şu ýylyň 19-njy fewralynda «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belläp geçmek hakynda» Karara gol çekmegi-de dostlukly döwletde beýik söz ussadyna goýulýan uly hormatyň aýdyň ýüze çykmasy boldy. Şu günler bolsa Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasynyň binasynda bu şanly sene mynasybetli türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi dowam edýär.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar