Okuw-usuly maslahatlar guramaçylykly geçirildi

18 Awgust 2024
393

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Hemmetaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly, çuňňur bilimli, watansöýüji ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek boýunça asylly işe bilim işgärleri öz goşantlaryny goşýarlar. Olaryň bu babatdaky tagallalarynyň oňyn netijesine bilim işgärleriniň 12-17-nji awgustda şäher we etraplar boýunça geçirilen usuly-amaly okuwlary hem-de maslahaty arkaly göz ýetirmek bolýar. Usuly-amaly okuwlar ýaş nesle bilim we terbiýe bermek boýunça öňdebaryjy iş tejribeleri ýüze çykarmakda hem-de ýaýratmakda, geçen okuw ýylynyň jemini jemlemekde we täze, 2024 — 2025-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Milli ýörelgelerimizden, dünýä tejribesinden ugur alyp, bilim berlişini kämilleşdirmekde, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda, usulyýeti ösdürmekde, aýratyn zehinli çagalary ýüze çykarmakda we olara dünýä dilleriniň öwredilişini mundan beýläk-de gowulandyrmakda maksatnamalaýyn işler amal edilýär.

Gülsoltan ANNAGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar