Türkmenistan — Wengriýa: alysda ýaňlanan şirin mukamlar

16 Awgust 2024
170

Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilip, bu çäre iki dostlukly ýurduň arasynda medeni ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklar bilen bir hatarda döwletara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmekde ähmiýetli boldy.

Medeniýet günlerine ýokary derejeli myhmanlar bilen bir hatarda, Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň baş sekretary Sultan Raýew, daşary ýurtlaryň Wengriýadaky ilçileri, bu ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmenistanly talyplar hem gatnaşdylar. Şäheriň merkezinde ýerleşýän kaşaň Miras öýüniň giň eýwanynda sergi myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Sergä baranlar türkmen milli lybaslaryny, gelin-gyzlaryň bezeg şaý-seplerini, şekillendiriş sungatynyň ajaýyp eserlerini uly gyzyklanma bilen synladylar. Zenanlaryň sünnäläp bejeren el işleri, ýurdumyzyň baý taryhy we medeni mirasy baradaky eserler olary synlanlarda gyzyklanmasyny artdyrdy. Türkmeniň milli aýdym-sazlary myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Ylaýta-da, Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň müdiri Wepa Nurmuhammedowyň dutarda ýerine ýetiren türkmen halk aýdymlary ýygnananlaryň ünsüni has-da özüne çekdi.

«Watan».
Beýleki habarlar