«Mer­ke­zi Azi­ýa — Ýa­po­ni­ýa» dia­lo­gy­nyň işe­wür­lik mas­la­ha­ty

15 Awgust 2024
148

9-njy awgustda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi. Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi, «ROTOBO» assosiasiýasy, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi, «Kazakh Invest» kompaniýasy, «Atameken» milli telekeçiler edarasy Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň goldaw bermeginde bu wekilçilikli işewürlik çäresiniň guramaçylary hökmünde çykyş etdi.

Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Ýa­po­ni­ýa­nyň we­ki­li­ýet­le­ri­niň 450-den gow­rak we­ki­li­ni bir ýe­re jem­län fo­ru­myň açy­lyş da­ba­ra­syn­da bu bi­le­lik­dä­ki çä­rä­niň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy. Al­ty ýur­duň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak, deň­hu­kuk­ly­lyk, döw­let dü­züm­le­ri­niň, işe­wür to­par­la­ry­nyň öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mek onuň baş mak­sa­dy­dyr. Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň we Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň hil taý­dan tä­ze de­re­je­si­ne çy­ka­ry­lyp, äh­li ugur­lar bo­ýun­ça anyk ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­dy.

Beýleki habarlar