Abraýyň belentdir dünýäň öňünde

14 Awgust 2024
151

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen ýokary derejede hyzmatdaşlyk saklap, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary bilen çykyş edip gelýär. Türkmenistan bu guramanyň agzalygyna kabul edilen gününden bäri onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary berkitmäge, maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynyň täze taryhy döwründe Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna, birnäçe komissiýalarynyň, komitetleriniň, geňeşleriniň agzalygyna ençeme gezek saýlanylmagy biziň döwletimize bildirilýän belent ynamyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasynda iki gezek, ýagny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem ýurdumyzyň at-abraýynyň diýseň belentdiginiň güwäsidir. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi bolsa döwletleriň arasynda özara ylalaşmak arkaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek, ählumumy parahatçylygy üpjün etmek ýörelgelerini ösdürmek, dialog arkaly abadançylygy gazanmak maksatlaryndan ugur alýar. Döwletimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul edýän ähli Kararnamalaryny hem giňden goldaýar, olaryň işjeň tarapdary hökmünde öňe çykýar. Şol bir wagtda ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary hem giň goldawa eýe bolýar. Üstümizdäki ýylda Baş Assambleýa tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy.

Annabagt MAÝEWA,
welaýat Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar