«Wilanta’sdan» hyrydarly harytlar

14 Awgust 2024
146

Ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmekde telekeçileriň paýy uludyr. Welaýatymyzda hem hususy önüm öndürijileriň ençemesi alyjylaryň saçaklarynyň naz-nygmatlardan doly bolmagyna özleriniň saldamly goşantlaryny goşýar. Munuň şeýledigine göz ýetirmek üçin islendik dükana ýa-da bazara baryp göräýmeli. Harytlardan dolup duran tekjeler azyk bolçulygynyň göze görnüp duran aýdyň güwäleridir. Olaryň aglabasynyň ýerli telekeçiler tarapyndan öndürilýändigi bolsa örän guwandyryjydyr. Olaryň arasynda telekeçi Sergeý Kulýapiniň söwda-önümçilik merkezinde öndürilýän önümler hem bar. Bu ýerde «Wilanta’s» söwda nyşany bilen taýýarlanylýan şöhlat we şöhlat önümleri ilatyň arasynda uly islegden peýdalanýar. «Wilanta’sdan» hyrydarly harytlar

— Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz hususy telekeçiligi ösdürmek üçin ähli amatlylyklary döredip berdi. Bu bolsa özümizde öndürilýän senagat we azyk harytlarynyň bolçulygyny döretmäge giň mümkinçilikleri açdy. Biziň söwda-önümçilik merkezimizde hem ilatyň höwes bilen satyn alýan önümleri bolluk bilen öndürilýär. Biz alyjylara diňe bir şöhlat we şöhlat önümlerini däl, eýsem, etli we gök önümli ýarym taýýar önümleri hem hödürleýäris — diýip, söwda-önümçilik merkeziniň tehnology Naryman Ismailow gürrüň berýär.

Döwlet JUMADURDYÝEW.
Surata düşüren awtor.
Beýleki habarlar