Beýik söz ussady we erteki ýordumlary

14 Awgust 2024
167

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde türkmen halkynyň medeniýetiniň, sungatynyň, pederlerimizden miras galan gadymy edebi-ruhy gymmatlyklarynyň, baý halk döredijilik eserleriniň ylmy esasda öwrenilmegine, halkymyza ýetirilmegine we dünýä derejesinde wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Nusgawy şahyrlarymyzyň, beýik akyldarlarymyzyň, halk döredijiligimiziň baý mirasyny öwrenip, ylmy taýdan seljermek we asyl nusgasyny halka ýetirmek, türkmen halkynyň taryhy, medeni mirasy boýunça ylmy barlaglary alyp barmak öňde duran möhüm wezipeleriň biridir» diýip, nygtamak bilen alymlary, ylym adamlaryny döredijilikli gözleglere ruhlandyrýar. Türkmen ruhunyň synmaz sütüni bolan Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsine düşünmek, şahyryň baý edebi mirasyny öwrenmek, şygyrlarynyň manysyny tirmek babatynda alymlardyr magtymgulyşynaslar ençeme ýyllardan bäri ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de halkyň kalbynyň töründe orun alan Magtymguly ussadyň guýmagursak zehininden, şahyrana kalbyndan syzylyp çykan şygyrlarynyň manysy giň gerimde öwrenilýär. Bu meselä beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli aýratyn ähmiýet berilýär.

Gadymy döwürlerden bäri her bir halkyň edebiýatynda halk döredijiligi bilen ýazuw edebiýatyň gatnaşygy bolupdyr. Ol gatnaşyk häzir hem dowam edip gelýär. Türkmen ýazuw edebiýatynyň ýüze çykmagy-da, edil beýleki halklarda-da bolşy ýaly, halk döredijilik eserleri bilen örän ýakyn baglanyşyklydyr. Ertekiler, rowaýatlar, tymsallar, nakyllar, atalar sözleri ýazuw edebiýatdan has irki döwürde döräpdir. Şol sebäpli hem her bir halkyň arasynda ýörgünli aýdylyp gelinýän ertekilerdir rowaýatlardan, tymsallardyr nakyllardan ýazuw edebiýatyň ilkinji nusgalary döräpdir.

Gülälek HANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar