Usuly-amaly okuwlar işjeňlige eýe

14 Awgust 2024
190

Bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary Bäherden etrabynda hem guramaçylykly we netijeli ýagdaýda geçirilýär. Täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň öňüsyrasynda guralýan usuly-amaly okuwlar bilim işgärleriniň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Etrapdaky degişli mekdeplerde we çagalar baglarynda dowam edýän usuly-amaly okuwlara ähli bilim-terbiýeçilik ojaklarynda pedagoglar gatnaşyp, özara pikir we tejribe alyşýarlar. Ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň derejesini has-da kämilleşdirmekde, täze işjeň usullardan netijeli peýdalanmakda we beýleki möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakda bu çärä möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, häzirki okuwlaryň guramaçylykly geçmegi ugrunda etrap bilim bölümi tarapyndan mynasyp tagallalar edilýär.

Sahabatberdi KÖSÄÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar