“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hünärmenleri STCW standartlary boýunça hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar

14 Awgust 2024
103

2024-nji ýylyň 12-nji awgustynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) Merkezi Aziýada Söwda Maksatnamasynyň gurnamagynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hünärmenleri üçin, Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Deňizçileri taýýarlamak we olara diplom bermek hem-de wahtada durmak barada Konwensiýasyna laýyklykda hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça türgenleşik okuwy başlandy.

Okuwyň dowamlylygy 5 gün. Bu türgenleşik okuwy türkmen deňizçileriniň hünär derejesini ýokarlandyrmakda we sebitde deňizde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ädim bolup durýar. Hünärmenler öz bilimlerini we başarnyklaryny mundan beýläk hem halkara ülňüleriniň iň soňky talaplaryna laýyklykda ösdürmäge mümkinçilik alarlar. Bu bolsa öz gezeginde, wezipelerini has netijeli ýerine ýetirmäge we Türkmenistanyň deňiz pudagynyň ösmegine goşant goşmaga ýardam eder.

Beýleki habarlar