Kuwwatly zawodda gaýratly gadamlar

14 Awgust 2024
136

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde himiýa toplumynyň kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmeginiň hem-de onuň önümçilik düzümlerini doly kuwwatynda ulanmagyň zerurdygyny nygtap, ýurdumyzdaky çig mal serişdelerini özleşdirmek arkaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmek, şonuň ýaly-da, olaryň eksporta iberilişiniň möçberini artdyrmak, agrotehniki möhletlere laýyklykda, oba hojalyk toplumyny özümizde öndürilýän mineral dökünler bilen üpjün etmek işlerini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Aslynda, berkarar döwletimizde özleşdirilýän iri maýa goýum taslamalary, ýurdumyzyň baý gorlara daýanýan uglewodorod serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, olary gaýtadan işlemekden alynýan önümler, şol sanda gymmatly mineral dökünler bilen birlikde, nebit we gazhimiýa pudagynyň önümleri diňe bir öz zerurlyklarymyza däl, eýsem, dünýä halklarynyň bähbitlerine, dost-doganlyk, özara peýdaly ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine-de gönükdirilýär. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda dabaraly ýagdaýda ulanyşa girizilen Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherçesindäki karbamid öndürýän zawody hem bu ugurda önjeýli işleri bitirmegi başarýan önümçilik düzümleriniň biridir. Ýeri gelende aýtsak, bu kämil önümçilik kärhanasy «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» kompaniýasynyň we Türkiýäniň «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň düzümine girýän «Gap Inşaat» kompaniýasynyň döreden konsorsiumynyň arasynda gol çekilen Çarçuwaly Ylalaşyga laýyklykda bina edildi.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.
Beýleki habarlar