Göwün genjim — aýal dogan

13 Awgust 2024
162

Göwün genjim siz, aýal doganlarym, kalbymyň söýesi siz, uýalarym. Ynsan ömri ýakymly pursatlardan doly. Menem käte-käte uýalarym bilen çagalykda geçiren ajap günlerimi ýatlap, birneme ýigdelen, juwanlaşan ýaly bolýaryn. Ejemiň «Gyzlarym — uzlarym» diýip söýgülemesi gulagymda öçmejek owaz bolup hemişe gaýtalanýar. Ejem bilen mamamlara gidişimiz, uýalar bolup, mamamyň berýän kökedir kemputlaryny işdämenlik bilen iýşimiz köňlümiziň keşdesi ýaly bolup aňymyzda berk ornapdyr. Aýal doganlarym diýsemem, men uýalaryň iň ulusy. Ýöne herhal, türkmençilikde uýa we aýal dogan sözleri utgaşykly ulanylansoň, men olara: «Göwnümiň genji siz, aýal doganlarym» diýip ýüzlenýärin.

«Aýal dogan, aýal dogan, göwündeşim, gaýam dogan» diýýän şahyryň bu setirleri hemişe dilimde ýaňlanmaga höwesek sözleriň biri. Men ejem bilen keçe basybam, haly dokabam, keşde çekibem, eltorba dokabam gördüm. Ejemiň el hünärine ökdeligi uýalaryma-da hünär we kesp bolup geçdi. Ejemiň gyz maşgalanyň kişi maşgalasydygy, baran ýerinde eli hünärliligi bilen özüni aldyrmagynyň hökmanydygy hakyndaky aýdanlaryny häzirki wagtda uýalarym bilen hoşwagt bolup ýatlaýarys.

Gülşat ORAZMYRADOWA,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň jogapkär kätibi.
Beýleki habarlar