Edebi miras — ebedi miras

13 Awgust 2024
206

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň gadymy taryhy, edebiýaty, sungaty düýpli öwrenilýär. Dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna deňelen, medeni-ruhy ösüşine uly goşant goşan milli mirasymyzyň beýanyny, müňýyllyklaryň wakasyny özünde jemleýän golýazmalary, danyşment alymlarymyzyň, şahyrlarymyzyň edebi mirasyny abat saklamak üçin olara aýawly çemeleşilýär. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawynda orun almagy, şeýle-de TÜRKSOÝ guramasynyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi-de dünýäde türkmeniň edebi mirasyna goýulýan hormatyň uludygyny äşgär edýär.

Halkymyzda döwletimiziň şanly taryhyny, edebi hem-de medeni gymmatlyklaryny, alym-ulamalarymyzyň pähimlerini özünde jemlän golýazmalar nesilden nesle geçirilip, ýazuw ýadygärlikleri hökmünde aýawly saklanylýar. Geçmiş taryhymyzda alymlarymyz, şahyrlarymyz, bagşy-sazandalarymyz uzak asyrlaryň dowamynda öz köptaraply ylmy we ajaýyp eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdylar. Olar öz döredijiligi bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine önjeýli goşant goşdular. Kitap adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolup, onuň döwrüň ösmeginde, bilim-ylmyň ýaýbaňlanmagynda ähmiýeti uludyr. Türkmen halkynyň golýazma kitaplary uzak asyrlaryň dowamynda medeniýetiň we ylmy pikirleriň ýitip gitmejek ruhy gymmatlygyna öwrüldi. Bu golýazmalaryň sahypalarynda dünýä ylmynyň we medeniýetiniň genji-hazynasyna öz goşantlaryny goşup, ady äleme ýaýran türkmen alymlarynyň, şahyrlarynyň, filosoflarynyň döredijiligi orun aldy. Olaryň ylmy, bilimi, tejribesi şu gün hem adamlara hyzmat etmegini dowam etdirýär.

Aşyrbibi AMANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar