Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň akademiýasy tarapyndan onlaýn okuwlara badalga berildi

13 Awgust 2024
92

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 29-njy martynda geçiren mejlisinde Awtomobil ulaglary halkara birleşigi (IRU) tarapyndan ygtyýar berlen okuw merkezini açmak barada Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigine «Türkmenistanyň halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiýasiýasy» (THADA) bilen bilelikde «Awtoulagda Halkara daşaýjylary taýýarlaýan okuw merkezi» hojalyk jemgyýetini açmak boýunça degişli işleri geçirmäge görkezme berildi.

Okuw merkezi halkara gatnawlarda, şol sanda Ýewropa ýurtlaryna ýükleri daşaýan sürüjileri we ulag operatorlaryny hünär taýdan taýýarlamagy göz öňüne tutýar.

Beýleki habarlar