Şahamçanyň durky täzelenýär

12 Awgust 2024
126

Ýyl-ýyldan sany artýan tehniki serişdeleri ýangyçdyr çalgy ýaglary bilen üpjün etmek işinde Türkmenabadyň nebit kärhanasynyň agzybir işgärleri ýokary başarnyk we tutanýerlilik görkezýärler. Möhüm işi ýokary sazlaşykly guramak, döräp biläýjek bökdençlikleri aradan aýyrmak, nebit önümlerini abat saklamak maksady bilen kärhananyň şahamçalarynyň durky düýpli täzelenýär. Şeýle möhüm işler häzirki günlerde kärhananyň Zergär şahamçasynda tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.

— Geçen ýyllarda bu iri şahamçamyzyň durkuny düýpli täzelemek işleriniň birinji tapgyry üstünlikli berjaý edildi. Şonda zerur çäreleriň uly toplumy ýokary hilli ýerine ýetirildi. Şu günlerde dowam edýän işleriň ikinji tapgyrynda hem bellenilen işleri üstünlikli tamamlamak ugrunda yhlasly zähmet çekilýär — diýip, kärhananyň gurluşyk boýunça baş hünärmeni Batyr Joraýew gürrüň berýär.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar