Guramaçylykly geçirildi

12 Awgust 2024
442

Şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň arasynda usuly-amaly okuwlary başlandy. Paýtagtymyzdaky Aşgabat şäher Baş bilim müdirligine degişli bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleriniň usuly-amaly okuwlary hem guramaçylykly geçirildi. Şäherdäki  daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 127-nji çagalar bagynda gurnalan usuly-amaly okuwynda öňdebaryjy mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleriniň çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Usuly-amaly okuwda şäherdäki 25-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Maral Akmämmedowa, 30-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri Şeker Rejepowa, 31-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Gülnar Babaýewa dagynyň çykyşlary has hem täsirli boldy. Onda müdirler «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde öňde durýan wezipeler» diýen tema boýunça çykyş etdiler. Olar Konsepsiýanyň umumybilim maksatnamalary boýunça bilim bermegiň ähli derejelerinde okatmagyň usulyýetini nazaryýet we tejribe taýdan yzygiderli kämilleşdirmäge gönükdirilendigi hakynda aýtdylar. Şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýe we bilim bermek işine iň öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň  täze gazananlaryna esaslanyp, okuw sapaklaryny dünýä tejribesine laýyklykda guramak işiniň dowam etdiriljekdigi hakynda bellediler. Bilim işgärleri  üçin ähli şertleri, mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk aýtdylar.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary dowam edýär.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar