Russiýanyň eksporty 207,1 milliard amerikan dollaryna deň boldy

11 Awgust 2024
128

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Russiýa Federasiýasynyň eksporty 0,4 göterim aşaklap, 207,1 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Hasabat döwründe ýurduň importy bolsa 8,1 göterim azalyp, 130,4 milliard amerikan dollaryna barabar boldy.

RF-niň Federal gümrük gullugynyň habar bermegine görä, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Russiýanyň Ýewropa ýurtlaryna eksporty 31,7 milliard, Aziýa ýurtlaryna eksporty 156 milliard, Afrika ýurtlaryna eksporty 12,3 milliard hem-de Amerika ýurtlaryna eksporty 6,7 milliard amerikan dollaryna deň boldy.

Beýleki habarlar