ABŞ-nyň eksporty iýun aýynda 265,9 milliard amerikan dollaryna deň boldy

11 Awgust 2024
124

Şu ýylyň iýun aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň eksporty 265,9 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji maý aýyndakydan 3,9 milliard amerikan dollary möçberinde köpdür. Ýurduň iýun aýyndaky eksportynyň 172,4 milliardy harytlaryň, 91,7 milliardy bolsa hyzmatlaryň paýyna düşýär. Bu barada ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Iýun aýynda ABŞ-nyň importy hem 0,6 göterim köpelip, 339 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Şonuň 271,6 milliardy harytlaryň, 67,5 milliardy bolsa, hyzmatlaryň importyna degişli.

Beýleki habarlar