Hytaý nebitiň importyny azaldýar

11 Awgust 2024
111

Iýul aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň nebit importynyň günlük ortaça möçberi 9,97 million barrele deň boldy. Bu barada HHR-iň Baş gümrük müdirliginiň hasabatynda bellenilýär.

Hasabatda mälim edilişine görä, iýul aýynda Hytaýyň nebit importy 42 million 337 müň tonna barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 13,1 göterim azdyr.

Taýýarlan: Allanur HUDAÝBERDIÝEW, Türkmenistanyň Serhet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar