Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlary: öňde durýan wezipeler

11 Awgust 2024
596

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn, giň ylmy dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek esasy wezipe bolup durýar. Il-ýurt bähbitli şol möhüm wezipäni üstünlikli çözmekde pedagogik işgärleriň iňňän jogapkärli, halal we döredijilikli zähmetine möhüm orun degişli bolup durýar.

Ýurdumyzda täze okuw ýylyna giň gerimde taýýarlyk işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu aýda pedagogik işgärleriň etrap (şäher) usuly-amaly okuwlary, öňdebaryjy pedagogik işgärleriň etrap (şäher) maslahatlary geçirilýär. Geçen okuw ýylynyň jemini jemlemek hem-de täze 2024 — 2025-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, pedagogik işgärleriň etrap (şäher) usuly-amaly okuwlary şu ýylyň 12 — 17-nji awgustynda, öňdebaryjy pedagogik işgärleriň etrap (şäher) maslahatlary 19-njy awgustda, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hem-de welaýatlaryň pedagogik işgärleriň maslahatlary bolsa 20-nji awgustda geçiriler.

Beýleki habarlar