Ulag-aragatnaşyk ulgamynyň okgunly ösüşi halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak baradaky aladanyň döwlet derejesinde üns merkezinde saklanylýandygyny tassyklaýar

9 Awgust 2024
166

Mälim bolşy ýaly, ulag-kommunikasiýalar toplumy islendik döwletiň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegidir. Onuň ösüş depgini köp babatda tutuş ýurduň ösüşini kesgitleýär. Ähli ugurlar boýunça öz wagtynda, ýokary hilli hyzmat etmek wezipesi öňünde goýlan ýük we ýolagçy daşamak hyzmaty, öz gezeginde, ulag ulgamynyň aýrylmaz düzüm bölegini emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, ulag-kommunikasiýalar toplumynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerindäki ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri bolmagy bu ugruň möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär.

Türkmenistanyň iň döwrebap üstaşyr ulag, logistika düzümini tiz wagtda kemala getirmek nukdaýnazaryndan, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary we anyk ädimleri diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebitiň ösüşine hem kuwwatly itergi berdi. Geografik taýdan örän amatly çäkde — Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän halkara ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, Türkmenistan ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklere eýedir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak babatda anyk işler durmuşa geçirilýär.

«Nesil».
Beýleki habarlar